Günorta Kawkaz Respublikasynyň Gün Teritibi
Ýewraziýa syn
Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Günorta Kawkaz Respublikasynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçmek isleýäris.
Geçen hepde Günorta Kawkaz Respublikalarynda möhüm saparlar we wakalar bolup geçdi. Geliň şolara nobaty bilen ser salalyň.
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gazagystana resmi sapar gurady. Astana şäherinde Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew Ilham Aliýewi resmi dabara bilen garşylady. İki ýurduň prezidentleri toparara duşuşyk geçirdiler. Duşuşyklaryň netijesinde Azerbaýjan-Gazagystan Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşi döredildi. Prezidentler Tokaýew we Aliýew Halkara Astana maliýe merkezine baryp gördüler. Prezidentler şeýle hem Astanada Haýdar Aliýew adyndaky köçäni açdylar.
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew 2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde Bosniýa-Gersegowina resmi sapar gurady. Prezident Aliýew Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Zelika Jwiýanowiç bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň iki ýurduň gatnaşyklaryny strategik derejä götermek hakyndaky ylalaşyga gol çekişildi. Bosniýa-Gersegowina Bakuwda İlçihana açmak boýunça karar kabul etdi.
Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa üstümizdäki aýyň 13-14-i aralygynda Sankt Peterburgda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň 55-nji Parlamentara Assambleýasynyň maslahatyna gatnaşdy. Gafarowa saparynyň çäginde ikçäk duşuşyklar hem geçirdi.
2023-nji ýylyň 11-nji aprelinde Ermenistanyň Goranmak ministri Suren Papikýan Brýussele guran iş saparynyň çäginde NATO-nuň Ýewropadaky hyzmatdaş güýçleriniň Ýokary serkerdeliginde duşuşyk geçirdi. Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň harby türgenleşikleriniň öz çäginde geçirilmegini kabul etmedik Ermenistan, 22-nji aprelde NATO bilen bilelikde türgenleşik geçirjekdigini beýan etdi. Bu beýannama Russiýa bilen Ermenistanyň arasynda dartgynlyga sebäpli boldy. Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ermenistandan mesele boýunça düşündiriş bermegini isledi. NATO-nuň şol türgenleşigine Gruziýa we Moldowa hem gatnaşar.
Şol gün Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde ýaragly çaknyşyklar boldy. Azerbaýjandan 3, Ermenistandan 4 esger ýogaldy. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan iki gün soň 1991-nji ýlydaky serhetlere dolanyp gelmäge taýýardyklaryny beýan etdi.
Beýleki tarapdan 14-23-nji aprel aralygynda Ýerewanda geçirilýän Ýewropanyň ştanga çemopionatynyň açylyşynda ermeniler Azerbaýjanyň baýdagyny ýakyp, meçew beriji aksiýa geçirdiler. Çempionata gelen 12 adamdan ybarat Azerbaýjanyň komandasy aksiýa sebäpli ýurtlaryna dolandylar.
Gruziýada bolsa Prezident bilen hökümetiň arasyndaky dartgynlyk dowam edýär. Soňky gezek Prezident Saloma Zurabişwili hökümeti Ýewropa Parlamentiniň ofisine 18-nji aprelde guramagy meýilleşdiren saparyny yza süýşürmekde günäkärledi. Hökümet bolsa Prezidentiň Diwanyny ýalançylyk etmekde günäkärledi.
Türkiýe, türki döwletleriň liderlerine “TOGG” sowgat etdi. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew özlerine sowgat edilen “TOGG” awtoulaglaryny kabul edip aldylar. Gyrgyzstan bolsa “TOGG-uň” zawoduny açmagy Türkiýä teklip edipdi.