Süleýmaniýe howa menziline uçuşlary bes edildi

Hepdäniň syny

1975322
Süleýmaniýe howa menziline uçuşlary bes edildi

 

2 dik uçaryň Dohukda ýere gaçmagyndan soň KÝB-PKK/ÝPG gatnaşyklary seljerilip, soň Türkiýe, KÝB-ä garşy berk çäreler görüpdi. Şol çäkde Süleýmaniýe howa menziline uçuşlary bes edildi, soň bolsa howa giňişligi dolulygyna ýapyldy.

Ine şeýle günlerde Süleýmaniýe howa menziline guralan dronly hüjüm ünsleri ol ýere çekdi. Gelen maglumatlara laýyklykda PKK/ÝPG-niň Siriýadaky serkerdesi diýilýän Mazlum Abdiniň ulag kerweni nyşana alynypdy, kerwende amerikaly esgerleriň bardygy hem ýüze çykdy.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Demirgazyk Yrakda ýerli çeşmeler Süleýmaniýe howa menzilinde partlamanyň bolandygyny habar berenden soň, ünsler şol ýere gönükdi. Partlamanyň sebäbi derňelmäge başlandy. Duhokda ÝPG terrorçylaryny alyp barýan 2 dik uçar ýere gaçandan soň, PKK/ÝPG-KÝB arasyndaky operasional gatnaşyklar paş bolupdy. Soň Türkiýäniň berk garşylyk görkezmegi netijesinde Süleýmaniýe howa menziline uçuşlar bes edilýär we türk howa giňişligi ýapylýar. İne şeýle günlerde Süleýmaniýedäki partlama ünsleri özünde jemledi.

Partlamadan soň metbugata SDG/ÝPG-niň serkerdesi Mazlum Abdiniň ulagynyň urlandygy hakynda maglumatlar gelmäge başlady. Ol KÝB-ä we PKK/ÝPG-ä ýakyn çeşmeler tarapyndan tassyklanmady. Hatda SDG-niň remi metbugat sekretarlygy hem “Serkerdämiz Mazlum Abdi Siriýada wezipesiniň başynda” diýip, beýannama berdi. Emma birnäçe sagat soň Amerikan harby resmileri hüjümi tassyklady we Mazlum Abdiniň Süleýmaniýede nyşana alynandygyny beýan etdi. Beýannama munuň bilen hem çäkli däldi, ulag kerweninde 3 Amerikan esgeriniň bardygy habar berildi. Eýsem bu wakalar näme many aňladýar?

Ýere gaçan dik uçar, urlan ulag kerwenleri, PKK/ÝPG bilen Bafel Talabiniň liderlik edýän Kürdistan ýurt söýerler bileleşiginiň (KÝB) arasynda ýüze çykan gatnaşyklar….

Elbetde bu gatnaşyklar tory ABŞ-nyň hemaýatynda döredilipdi. ABŞ-niň Mazlum Abdini harby uçarlar bilen Süleýmaniýe howa menziline getirendigi, hat-da ony gorandygy, ýanyndaky Amerikan esgerlerini janly galkan hökmünde peýdalandygy ýüze çykýar.

Türkiýe Mazlum Abdiniň ulag kerwenini urup, ýa-da duýduryş hüjümini gurap, düzgüni üýtgedendigini hem ABŞ-na hem-de KÝB-ä we PKK/ÝPG-ä görkezdi. Türkiýe öz milli bähbitlerine howp salýan görnüşde ABŞ-nyň hemaýat etmeginde täze bir oýunyň başlandygyny, onuň guraýjylary hökmünde bolsa ÝPG bilen KÝB-niň öňe saýlanýandygyny gördi we oýun bozujy göçümler bilen garşy pozisiýa eýeledi. Esasanda KÝB-ä garşy berk çäreler görülmäge başlandy. Süleýmaniýe howa menziline howa giňişliginiň ýapylmagyndan soň, ol ýere hüjüm edilmegi möhüm görkezijidir. Emma ol dowam etjege meňzeýär. Bafel Talabani ABŞ-nyň hemaýat bermeginde howply oýuna girişdi. ÝPG-äni Yrakda kanuny tarap hökmünde ornaşdyrmagy, oňa legallyk döretmek üçin hereket etmegi, harby taýdan operasional işlere bilelikde goşulmagy elbetde ünsleri çekýär. Ony diňe bir KDP-ä garşy pozisisýasyny güýçlendirmek üçin etmeýär. Esasan ABŞ/Ysraýyl ýaly güýçleriň agalygyny kabul edýär. Şeýle hem Türkiýede häkimiýet çalşan halatynda onuň Türkiýä kabul etdirilip bilinjekdigini göz öňünde tutýan bolmagy hem ähtimal.

Emma Türkiýäniň eýelän gyşarnyksyz pozisiýasyny we beren berk ýüzlenemeleri Süleýmaniýa howa menzilinin nyşana alynmagy arkaly orta goýan harby düzgünleri, KÝB-ä agyr jerima saldy. Türkiýäniň bu çemeleşmesiniň dowam etmegine garaşylýar. Kubad Talaniniň Ankara gelip, Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Hakan Fidan bilen duşuşmagy hem ýitgi-gözegçilik tagallasy hökmünde analiz edilip bilner. KÝB Türkiýäniň talaplaryny kabul etmese täze başlangyçlara sezewar bolar. Ol hem diňe bir syýasy we ykdysady bolmasa gerek.



Degişli Habarlar