Hytaý bilen Russiýanyň hyzmatdaşlygy eýsem Günbatara garşy göçümmi?
Hepdäniň syny
Hytaý bilen Russiýanyň hyzmatdaşlygy eýsem Günbatara garşy göçümmi?
Bu soraga jogap bermek üçin 2022-nji ýylyň 4-nji fewralyna ser salmak gerek.
Pekin olimpiada oýunlaryna gatnaşmak üçin Hytaýa giden Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen duşuşypdy. Şol duşuşykda bütin dünýä täsirini ýetirjek “Täze asyra gadam basylýarka Halkara gatnaşyklar we Global durnukly ösüş” söz başysy bilen bilelikdäki jarnama kabul edilipdi.
SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň müdüri Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Şol çarnamada Russiýanyň we Hytaýyň lideri şäriklikleriniň çäginiň ýokdygyna ünsi çekdi. Jarnama görä, şäriklik hyzmatdaşlyk etmegi, çaknyşmagy we haýsydyr bir üçünji adamy nyşana almagy öz içine alýar. Bu nukdaý nazardan ser salnanda Hytaý bilen Russiýa şäriklik edýär, emma Russiýa-Ukraina söweşiniň halkara ulgama we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýetirýän täsiriniň munyň açyk aýyň beýan edilmegini bökdeýändigini aýtmak ýerlikli bolsa gerek.
Günbataryň Russiýa garşy goýan sanksiýalaryndan ykdysadyýetini goramak isleýän Hytaý, bu etapda öz tutumyny ýurtlaryň territorial bitewiliginiň goralmagy, gepleşik üçin gapylaryň açyk bolmagyny we bir taraply ýagdaýda goýlan sanksiýalaryň netijesizdigini beýan edýär. Hytaý şol bir wagtda hem söweşe NATO-nyň giňelmek etabynyň we ABŞ-nyň sebäp bolandygyny her pursatda beýan edýär. Bu etapda Hytaýyň Russiýa harby enjam berendigi barasynda käbir garaýyşlaryň bardygyna garamazdan resmi Pekin şol garaýyşlary çürt-kesit ret etdi. Emma Ukrainanyň basyp alyşlygyny “basyp alyşlyk” hökmünde häsiýetlendirmekden hem gaça durdy.
Hytaý bu etapda Russiýanyň ýanynda durmagyň ýerine çetde durmagy saýlap aldy. Günbataryň sanksiýalarynyň täsiri bilen Moskwa bilen Pekiniň arasyndaky ykdysady we streategik gatnaşyklar has-da pugtalandy. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary taryhy rekord goýdy.
4-nji fewraldan bolan duşuşykdan soň iki lider Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň başda durmagynda halkara derejesinde geçirlen guramaçylyklarda birnäçe gezek duşuşan bolsada, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysynyň Moskwa guran sapary ýaly ünsleri özüne çekmedi. Si Sizinpiniň üçünji gezek Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy hökünde saýlanandan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa guramagy we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Halkara jenaýat kazyýety tarapyndan harby jenaýat edýändigi hakynda kabul eden kararyndan soň guramagy ünsleri özüne çekdi.
Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysynyň Russiýa guran saparynyň çäginde iki lideriň Moskwada biri-birine “dostum” diýip ýüzlenendigi we has içgin duşuşygyň geçirlendigi görüldi. Saparyň çäginde kabul edilen iki jarnamada açyk aýdyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky bir merkezli dünýä ulamynyň soňunyň gelendigine täze döwürde köp merkezli dünýä ulgamyna geçiljekdigine üns çekildi.
Şol ulgam bolsa jarnamada ýer alan “halkara gatnaşyklaryň demokratiýalaşdyrylmagy” we “global dolandyryş” ýaly adalgalar bilen goldandy.
Geliň, Si Sizinpiniň Putin bilen hoşlaşýarka aýdan we ünsleri özüne çeken sözlerini ýatlalyň: “Asyryň dowamynda görülip eşidilmedik üýtgeşiklik gelýär we biz, şol üýtgeşmäge ýolbaşçylyk edýäris.
Ýokardaky sözler şol bir wagtda iki ýurduň lideriniň biri-birine biçen rolyny hem açyk aýdyň ýagdaýda görkezýär.
Saparyň çäginde gol çekişilen galkynyş we hyzmatdaşlyk üçün maýa goýum meýilnamalary, Sibiriň Güýji 2 tebigy gaz turba geçirijisi etabyny, ykdysady, sosoial we diplomatik gatnaşyklary öz içine alýar.
Beýleki tarapdan Günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Russiýanyň Hytaýa kiçi rol berendigi öňe sürüldi.
Hytaýly we Russiýaly çeşmeler bolsa şol sapary iki ýurduň gelejege tarap giňgerimli strategik hyzmatdaşlyk üçin äden aýgytly ädimi hökmünde analiz etdi.