Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Ýewraziýa Syn

1971519
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we maslahatlar geçirildi. Geliň ilki nobaty bolan şol wakalara ser salalyň.

Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak 2023-nji ýylyň mart aýynyň 29-31-i aralygynda Türkiýede saparda boldy. Myhman Prezident Nowak resmi saparynyň çäginde paýtagt Ankarada Prezident R. T. Erdogan tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy. Liderler özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi. Prezident Erdogan beýannamasynda “TANAP-dan Wengriýa tebigy gazyň berilmegi meselesinde biz, Azerbaýjan bilen birlikde ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar” diýdi.

Saparynyň çäginde TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop bilen hem duşuşan Nowak, Adana, Hataý we Kojaeli şäherlerine hem baryp gördi.

Wengiýa Türkiýäniň başda durmagynda Türki döwletler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkiýe bilen Wengriýa Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde hem birlikde hereket edýär.

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Budapeştde Türki döwleter guramasynyň Energetika ministrleriniň III maslahaty geçirildi. Maslahatda energiýa howpsuzlygy, energiýa eksporty we goýuljak maýa goýumlar meselesi seljerildi.

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Bişkekde Türk Akademiýasynyň Ylym geňeşiniň WY maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Wengriýadan we Türkiýeden ýolbaşçylar gatnaşdy. Maslahatda Akademiýanyň başlygy Şahin Mustafaýew, Akademiýanyň 2022-nji ýylda alyp baran işleri we 2023-nji ýylda alnyp baryljak işler hakynda maglumat berdi. Türk Akademiýasynyň Ylym geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilmegi meselesinde karar kabul edildi.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Ýazyjylar bileleşiginiň ilkinji maslahaty Özbegistanyň Nowaýy şäherinde 2023-nji ýylyň mart aýynyň 29-30-y aralygynda geçirildi. Maslahatda Türki döwletleriň ýazyjylarynyň başdan geçirýän kynçylyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistan tarapyndan neşir edilen 100 tomlyk Türki dünýäniň saýlama eserleri tanyşdyryldy. Maslahatyň çäginde Halkara Mümtaz şygyr festiwaly geçirildi. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Ýazyjylar bileleşigi 2023-nji ýylyň 6-njy martynda gurlupdy.

Hytaý Halk respublikasynyň Sinjan Uýgur Awtanomiýasynyň Komunist partiýasynyň sekretary Ma Sinrui mart aýynyň 27-31-i aralygynda Gazagystanda we Gyrgyzstanda saparda boldy. Gazagystanyň we Gyrgyzstanyň Prezidentleri tarapyndan kabul edilen Ma Sinrui, hökümetiň agzalary we beýleki ýolbaşçylar bilen hem duşuşyklar geçirdi. Epidemiýa sebäpli serhetlerini ýapan Hytaý, ýuwaş-ýuwaşdan goňşulary bilen bolan serhetlerini açmaga başlady. Maý aýynda Hytaý+Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammitiniň geçiriljekdigi habar berlipdi.

2023-nji ýylyň mart aýynyň 28-30- aralygynda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ysraýyla we Palestina resmi sapar gurady. Jeýhun Baýramow saparynyň çäginde ady agzalýan ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy. Jeýhun Baýramow 30-njy martda Yraýylyň Prezidenti Isak Gersog bilen duşuşdy. Tel-Awiwde Azerbaýjanyň ilçihanasy açyldy.



Degişli Habarlar