Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Ýewraziýa Syn

1961242
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatyndaky sanynda türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçmekçi.

Geçen hepde türki döwletlerde möhüm sapar we maslahatlar guraldy, Türki dünýäniň Ýazyjylar bileleşigi döredildi. Geliň olara nobaty bilen ser salalyň.

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gyrgyzstanyň Premýer-ministri Akylbek Japarowy kabul etdi. Duşuşykda bilelikdäki gidro elektrik bekedi, demir ýoluň gurluşygy ýaly Özbegistan-Gyrgyzstan gatnaşyklaryny gyzyklandyrýan meselelere garaldy. Aýratynam Mirziýoýew bilen Japarow sebitleýin meseler boýunça pikir alyşdylar. Gyrgyzstanyň Premýer-ministri Akylbek Japarow Özbegistana guran saparynyň çäginde Daşkentde Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşdy. Duşuşyklardan soň iki ýurduň hökümetleriniň arasynda 15 ylalaşyga gol çekişildi, ikitaraply söwda öýleriniň açylmagy hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batmunh Battsetseg üstümizdäki aýyň 7-10-y aralygynda Özbegistanda saparda boldy. Battsetseg Daşkentde Özbegistanyň Daşary işler, Ulaglar, Maýa goýum we Söwda ministrleri bilen duşuşdy. Mongoliýanyň Daşary işler ministriniň Özbegistana sapary soňky 30 ýylda guralan ilkinji sapar boldy.

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistanyň döwlet Ýolbaşçysy Imamali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşyldy. Daşary işler ministri Meredow saparynyň çäginde täjik kärdeşi Siražeddin Muhriddin bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowuň aprel aýynda Täjigistana resmi sapar gurajakdygy habar berildi.

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Gyrgyzstanyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň Baş sekretary Imangali Tasmagambetowy kabul etdi. Duşuşykda guramanyň işleri, sebitleýin howpsuzlyk meseleleri hakynda pikir alyşyldy. “Mizemez doganlyk-2023” harby türgenleşigi şu ýyl Gyrgyzstanda geçiriler. Ýeri gelende Ermenistanyň guramanyň Baş sekretarynyň orunbasarlygy wezipesi üçin wekil ugratmajakdygyny beýan edendigini nygtap geçeliň.

Geçen hepde türki döwletlerde iki möhüm maslahat geçirildi. Azerbaýjanyň Prezidentiniň hemaýat bermeginde 10-njy Baku forumy üstümizdäki aýyň 9-11-i aralygynda geçirildi. Halkara Nizamy Genjewi adyndaky merkezde geçirilen “Dünýä şu gün: Howplar we şertler” temaly forumyň açylyşyna Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy. Foruma 29 prezident, 2 premýer-ministr, 6 mejlis başlygy, jemi 61 ýurtdan 360 wekil gatnaşdy. Prezident Aliýew forumyň çäginde köp sanly ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

2023-nji ýylyň 9-10-njy martynda Aşgabatda “Howanyň üýtgemeginiň şertlerinde azyk howpsuzlygy üçin hyzmatdaşlyk” temaly halkara forum geçirildi. Foruma Merkezi Aziuýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleri, Eýranyň prezindentiniň orunbasary, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň ahyrynda birnäçe ylalaşyklara gol çekişildi.

Geçen hepde türki döwletleriň medeni gatnaşyklaryny hasam ösdürjek waka bolup geçdi. 6-njy martda TÜRKSOÝ-da duşuşan Türki döwletleriň ýazyjylar bileleşiginiň ýolbaşçylary TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşigini döretdiler. Bileleşigiň Başlyklygyna Gazagystanyň Ýazyjylar bileleşiginiň Başlygy Ulugbek Esdewlet saýlandy. TÜRKSOÝ-uň Ýazyjylar bileleşiginiň ilkinji maslahaty mart aýynyň ahyrynda Özbegistanda geçiriler.



Degişli Habarlar