1-nji Ýylynda Rus-Ukrain Söweşi

Hepdäniň Syny

1954990
1-nji Ýylynda Rus-Ukrain Söweşi
UKRAYNA-RUSYA SAVAŞ (18).jpg
UKRAYNA-RUSYA SAVAŞ (17).jpg
UKRAYNA-RUSYA SAVAŞ (16).jpg
UKRAYNA-RUSYA SAVAŞ (15).jpg
UKRAYNA-RUSYA SAVAŞ (14).jpg

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, ýagny mundan bir ýyldan gowrak ozal rus goşunlary Ukrainany basyp alma synanşyga başlan mahaly Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ýeňil ýeňişiň yzyndady. Ýyldyrym operasiýasy bilen Zelenskiýni häkimiýet başyndan agdaryp, özüne ýakyn hökümeti iş başyna getirip, Ukrainany gözegçilik astyna almagy pikir edýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen Putiniň uly ýalňyşlyk edendigi we Russiýany strategik eňňidiň gyrasyna getirendigi görüldi. Rus-Ukraina söweşi netijeleri taýdan taryhyň esasy öwrülşik nokatlaryndan birine öwrüldi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Putin uly göçüm edip, Ukrainadaky Zelenskiýniň häkimiýetini agdarjakdygyny we özüne ýakyn, Russiýanyň täsiri astynda boljak Ukrainany gurjakdygyny pikir etdi. Rus ýörite harby güýçleri ýyldyrym operasiýasy bilen Kiýewi gözegçilik astyna alynmalydy, ukrain goşunlary bolsa gysga möhletde dargamalydy… Emma wagtyň geçmegi bilen Putiniň uly ýalňyşlyk edendigi ýüze çykdy. Ýyldyrym operasiýasy netijesiz bolşy ýaly, ýörite harby güýçler operasiýasy hökmünde başladylan operasiýa konwensional basyp alyjylyga öwrüldi. Emma rus goşunlary bu hüjüme ýeterlik taýýarlyk görmändi we Kiýew, Çernihew hem-de Sumi ýaly demirgazyk şäherlerde ýenilip, yza çekilmäge mejbur boldy. Soň Harkowda Krymyň demirgazygyndaky Hersonyň merkezi hem ukraina goşunlary tarapyndan alyndy. Soň Dinýeperiň günortasy we gündogar etraplarynda liniýa döredip, goranyş tapgyryna geçdi. Rus goşunlarynyň harby güýji abraýdan gaçýarka Ukraina garaşylmadyk garşylyk görkezdi. Günbatar ýurtlarynyň çäksiz kömegi elbetde kesgitleýiji faktorlardan biri boldy. Ruslar söweş strategiýasyny üýtgedip, Ukrainanyň infrastrukturasyny nyşana almaga başladylar, soň tapgyrlaýyn mobilizlenme bilen ýerlerdäki adam resurlaryny güýçlendirip, goranyş senagatyna üns berip, ykdysadyýetlerini söweş ykdysadyýetine öwürmäge mejbur boldular. Söweşiň başlamagyndan bäri bir ýyldan gowrak geçen hem bolsa, harby taýdan taraplar uly bahar söweşine taýýarlyk görýärler. Syýasy çözgüt üçin umyt ýoga meňzeýär.

Türkiýe söweşdäki deňsiz 3-nji ýol atlandyrylýan pozisiýasyny dowam etdirýän bolsa, hüjümleriň bes edilmegi üçin göreşýär. Emma, esasanda ABŞ-nyň we Britaniýanyň egilşiksiz pozisiýalaryny gorap saklaýandyklaryny, indi ejizletme söweşine öwrülen tapgyryň dowam etdirilip, Russiýanyň hasam ejizlemegini isleýärler.  Häzirki wagta çenli söweşiň global taýdan agyr netijeleri boldy. Global azyk howpsuzlygy, energetika geosyýasatyna çenli ençeme ugurda kesgitleýiji täsirleri bar. Türkiýäniň başlangyçlary bilen global derejedäki agyr netijeleriň öňi alynmaga çalşylýan hem bolsa, söweş uzadygy saýyn ýaramaz täsirleriň artjakdygy ikiuçsyzdyr. Söweşiň uzamagynyň Hytaý ýaly täze güýçleriň hem Russiýanyň bähbidine işe goşulyşma ähtimallygynyň, şeýle hem ýadro çaknyşygy ähtimallygynyň artandygy ünsden düşürilmeli däl.

Emme ähli degişli howplara garamazdan taraplaryň we ýaranlarynyň häzirki wagtda hüjümleri bes etmäge taýýarlykly bolmaýyşy ýaly, bahar aýlarynyň gelmegi bilen eskolasiýa taýýarlanýandyklary görülýär. İki tarapyň hem agyr gyş aýlarynda täze hüjüme taýýarlyk görendigi mälim. Ukrain goşunlary günbatar ýurtlaryndan özbolyşly ýarag ulgamlaryny almaga dowam etdi. Esasanda güýçli howa goranyş ulgamlary, uzak aralykly HİMRAS artilleriýa ulgamlary, agyr sowutly tanklar esasy faktorlar. Ruslar bolsa Dinýeperde ornaşadan soň bölekleýin mobilizlenme bilen esger sanyny artdyryp, olara tälim beren bolsa, Wagner ýaly hakynatutma güýçleriniň sanyny hem artdyrdy. Şeýlelikde 2 tarap hem täze güýçli çaknyşyklara taýýarlanyp, howa şertleriniň amatly günlerine garaşýar.


Etiketkalar: #Russiýa , #söweş , #Ukraina

Degişli Habarlar