Türkiýedäki iki güýçli ýer titreme diplomatiýanyň depginini güýçlendirdi
Hepdäniň Syny
Türkiýedäki iki güýçli ýer titreme diplomatiýanyň depginini hem güýçlendirdi. 88 ýurt gönüden kömek beren bolsa, 11,302 daşary ýurtly gullukçy gözleg we halas ediş işlerine gatnaşdy. Goldaw bermek maksady bilen NATO-nuň Baş sekretary, Gresiýanyň, Ysraýylyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň saparlaryndan soň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem birnäçe gün ozal Türkiýä geldi. Germaniýanyň içeri we daşary işler ministrleri hem ýer titremeleriň bolan sebitlerine baryp gördüler.
SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Ýurduň içinde uly arkalaşyk eden Türkiýe güýçli halkara kömegiň gelmegi we guralan saparlardaky oňyn atmosfera “ýer titreme diplomatiýasyny” öňe saýlady. Esasanda Gresiýanyň Daşary işler ministri Dendiasyň saparynyň dowamynda we ondan soň Brýusselde Türkiýäni goldaýjy beýanatlary, türk-grek gatnaşyklarynda 1999-njy ýyldaki Marmara ýer tiremesinden soň ýüze çykan ýumşaklygy ýada saldy. ABŞ, ÝB we Gresiýa bilen gatnaşyklarda ýer titreme diplomatiýasy bilen täze tapgyra geçilmelidigini öňe sürenler hem boldy.
Elbetde tebigy betbagtçylyklarda arkalaşmak adamkärçiligiň esasy alamatlaryndan biri. Kowid-19 pandemiýasynyň ilkinji günlerinde dünýäniň esasy güýçleriniň bu synagdan geçip bilmändigini hem ýatdan çykarmalyň. Ýer titrme sebäpli Türkiýä gelen kömekler çekilen ýitginiň öweziniň dolunmagyna goşant goşdy.
İki ýer titremäniň elhenç weýrançylyklary mälim. Emma Türkiýä kömek üçin ylganmagynyň ýeke-täk sebäbi ol däl. Milli girdejisine görä ynsanperwer kömek bermekde birinji orunda Türkiýe durýar. Prezident Erdogan halkara ulgamdaky adalatsyzlyklary BMG bilen bilelikde her platformada beýan edýän liderlerden biri. Beýleki tarapdan pandemiýada saglyk enjamlarynyň kömeginde Türkiýe güýçli pozisiaýa eýeledi. Ukraina söweşinde töwellaçylyk pozisiýasy bilen galla geçelgesini açyp, ýesir çalşygyny ýola goýdy.
Türkiýe dünýäniň çar tarapyndan betbagtçylyklara kömek berýän öňbaşçy ýurtlar biri. Şol sebäpli günbatarly ýaranlaryndan, goňşularyndan, yslam we türki dünýäden, Afrika bilen bilelikde ähli sebitlerden Türkiýä kömek geldi. Türkiýe dostluk etdi, dostluk gördi.
Ýer titreme diplomatiýasyndan dartgynlyklary azaltmak we özara gatnaşyklary ösdürmek üçin peýdalanmagyň möhümdigi mälim. Ermenistan, Ysraýyl we Gresiýa bilen gatnaşyklarda bar bolan oňyn atmosferadan anyk netijeleriň alynmagy üçin tagalla edilmeli. Şonuň bilen bilelikde dartgynlyklary ortadan aýyrmak üçin diplomatiýanyň depgini güýçlendirilmeli. Tebigy apatdaky arkalaşygyň birnäçe wagt dowam etjekdigi we konstruktik milli bähbit çekeleşikleriniň gysga möhletde çözülmejekdigi ýatdan çykarylmaly däl. Durnukly we ygrarly geňeşme tapgyry dowam etmeli. Adybir üç ýurt bilen hem ganatşyklaryň kadalaşma tapgyrynyň üstünlikli dowam etdirilmeginiň ikitaraply netijeleri bar.
Türkiýe, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk tapgyryny bir gyra goýup bilmez. Ysraýyl bilen kadalaşmada ýaşaýyş ýerleri we İýerusalim meselesi gün teribiniň alynky hatarynda durýar. Gresiýanyň adalary ýaraglandyrmagy we 12 mil talaby dartgynlygyň sebäplerinden biri. Ýer titreme diplomatiýasynyň bu ugurlaryň dogry gönükdirilmeginde we mümkin bolsa, çözülmeginde oňyn goşant goşmagy üçin tagalla edilmeli.
Stoltenberg saparynda Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň agzalygynyň kabul edilmegini gün tertibine getirmegi ýatdan çykarmady. Blinkeniň Ankara sapary ýerliklidi. Türkiýä we Siriýa beriljek kömegiň 185 million dollara ýetirilendigini, BMG-niň baş sekretarynyň 1 milliard dollarlyk kömek talap edendigini aýtdy. Aýratynam ýaranlyk, global derejede bilelikde işleşmek we şol bir gymmatlyklara eýe bolmak hakynda durup geçdi. Emma F-16 meselesine heniz çözgüt ýok. Waşingtonuň ÝPG-ä goldawy we DEAŞ bilen gatnaşyklary dowam edýär. Şwesiýa we Finlýandiýa meselesinde ygrarly. Bularyň ählisi daşary syýasatyň hakykatlaryndan kabirleri.
Ýer titremeden soň ikitaraply garaýyşlaryň özgermegi gowy, emma onuň anyk başlangyçlara esaslanmagy möhüm.