Türkiýede Ýer Tiremeleri

Aktual Analiz

1945162
Türkiýede Ýer Tiremeleri

Türkiýe 6-njy fewralda iki sany güýçli ýer titremäni başdan geçirdi. Bilermenleriň beýan etmegine görä 8 sagat aralyk bilen başdan geçirilen ýer tiremeleri dünýä taryhynda seýrek gabat gelýän waka. Deňizlerde bolup geçen ýer titremeleri hasaba alynmasa, güýç taýdan dünýä taryhynyda başdan geçirilen iň güýçli 10 ýer titremelerden ikisi diýsek ýalňyş bolmaz. Ýer titremelerinde ýitgi çeken şäherleriň sany hem köp. 10 welaýat ýer tiremesinde agyr ýitgi çekdi. Hem demirgazyk-günorta ugrundaky hem-de gündogar-günbatar ugrundaky ýitgiler göz öňünde tutulanda Germaniýanyň territoriýasyna barabar ululykdaky giňişlikde adam pidalary boldy. Ýagny bu ýer titreme Germaniýada bolan bolsady, ýurt tas dolulygyna agyr ýitgi çekerdi. Bularyň üstüne ýer titremesinden zyýan çeken 13,5 milliony goşanymyzda, ýüze çykýan netije hakykatdan hem iňňän agyr.

 

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýer titrmesiniň ilkinji pursatlaryndan başlap ýokary derejeli tagalla edilen bolsa, şeýle uly ýer titremäniň agyr netijesine ýeterlik çäre görmek mümkin däl. Şeýlelikde 24 sagadyň dowamynda ýer tiremesine garşy göreş boýunça ygtyýarly ähli guramalar sebite gönükdirilen hem bolsa, sözüň doly manysynda ýeterlik bolmady. Emma Türkiýäniň soňky 20 ýylda eýe bolan ukyby göz öňünde tutulanda bu ýer titremäniň netijeleri bilen göreşmekde başarnykly boljakdygyny aýdyp bileris. Türkiýe innän uzaga çekjek kynçylykly şertleri başdan geçirer.

Bu tapgyrlaryň birinjisi ýer titremesi sebäpli çekilen ýitginiň ortadan aýrylmagy. İlkinji 72 sagat iňňän möhümdi we ol gutardy. Onlarça müň adam halas edildi. Emma adam pidasy barha artýar. Adam pidalarynyň köpeljegi hem äşgär. Şol sebäpli ýer titremesiniň iň agyr ýitgisi adam pidalary bolar. Belkem Türkiýäniň taryhynyň iň köp adam pidasy çekiler. Bu san 1999-njy ýyldaky Izmit ýer titrmesinden hem köp bolup biler.

Ikinji hususlardan biri 13,5 million adamyň häzirki wagtda ýer titremesinden zyýan çekmegi. Şeýle köp ilatyň ýaşaýyş jaý we beýleki gyssagly zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy hakykdan hem kyn we onuň üçin wagt gerek bolar. Beýleki bir husus bolsa ýer titremäniň jemgyýetçilik-psihiki tarapy.  Ýer titremeleri jemgyýetleriň umumy ruhy dünýäsinde agyr täsirler galdyrýan tebigy apatlaryndan başynda durýar. Entek Kowid-19-yň täsirlerini ýeňip geçmäge synaşýan jemgyýetiň agyr tebigy apata duçar bolmagy, iňňän agyr netijeleri ýüze çykaryp biler. Şol sebäpli jemgyýetiň ruhy sagdynlygy üçin sosial arkalaşyk möhüm ähmiýete eýe. Türkiýäniň halky şeýle arkalaşyk mysallaryny ozalky tebigy apatlarda görekezendigi üçin bu gezek hem şol ruhuň güýjüni görkezjekdigi ikiuçsyzdyr.

Her bir ýer titremesiniň ykdysady netijeleri hökmany suratda bolýar. Türkiýede başdan geçirilen bu ýer titremäniň hem ykdysady gymmaty bolar. Ony şu günki günden beýan etmek kyn hem bolsa, şeýle uly göwrümli ýer titremäniň agyr ykdysady netijesiniň boljakdygyny çaklamak kyn bolmasa gerek.

Türkiýede başdan geçirilen ýer titreme Germaniýanyň territoriýasyna barabar giňişlikde boldy. Emma Ukraina söweşinden has uly ýitgä sebäp boldy. Şol sebäpli halkara jemgyýetçiligi Türkiýä kömek meselesinde işjeň pozisiýasyny dowam etdirmeli.



Degişli Habarlar