Günorta Kawkazda geçen hepde öňe saýlanan möhüm wakalar

Ýewraziýa Syn

1945157
Günorta Kawkazda geçen hepde öňe saýlanan möhüm wakalar

Geçen hepde Günorta Kawkaza birnäçe möhüm sapar guraldy. Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi 27-29-njy ýanwar aralygynda Günorta Kawkaza sapar etdi. Sisi ilki Bakuwa bardy. 28-nji ýanwarda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Prezident as-Sisiniň arasynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan-Müsüri gatnaşyklary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Müsüriň döwlet Ýolbaşçysy Sisi 28-nji ýanwarda Ermenistana sapar etdi. Ýerewanda Prezident Sisi bilen Wahan Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklardan soň bilim, medeniýet, ylym, sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyklara gol çekişildi. Şeýlelikde Müsüriň Prezidenti Ermenistana ilkinji saparyny hem amala aşyrdy.

Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew 29-30-njy ýanwarda Wengriýa resmi sapar gurady. 30-njy ýanwarda Budapeştde Prezidenti Aliýewi resmi garşylama dabarasy guraldy. Dabaradan soň iki ýurduň prezidentleri Aliýew bilen Katalin Nowak özara duşuşyk geçirdi. Şol gün Prezident Aliýew Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen hem duşuşdy. Duşuşykda energetika pudagynyň başda durmagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Duşuşyklardan soň taraplaryň arasynda 6 ylalaşyga we strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hakynda bilelikdäki jarnama gol goýuldy. Liderleriň arasynda Azerbaýjanyň elektrik energiýasynyň Gara deňiziň üstaşyr Ýewropa ýurtlaryna ýetirilmegi, Azerbaýjan tebigy gazynyň Wengriýa we Wengriýanyň üstaşyr Ýewropa ýurtlaryna ýetirilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy. Aliýew we Orban bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler. Aliýew geljek hepde Garabagyň gaýtadan dikeldilmegi boýunça wenger firmalary bilen anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny beýan etdi.

2-nji fewralda Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Iohannis Azerbaýjan resmi sapar gurady. Prezident Aliýew bilen Iohannisiň arasynda geçirilen duşuşykda energetikanyň başda durmagynda özara gatnaşyklary gyzyklandyrýan ugurlar boýunça pikir alyşyldy.

3-nji fewralda Bakuwda Azerbaýjanyň we Rumyniýanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda 9-njy Günorta tebigy gaz geçelgesiniň ministrleriniň derejesindäki masalahaty geçirildi. Maslahata ÝB-niň, ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Bolgariýanyň, Gresiýanyň, Albaniýanyň, Moldowanyň, Serbiýanyň, Garadagyň, Ukrainanyň we Horwatiýanyň degişli ministrleri gatnaşdylar.

Geçen hepde Günorta Kawkazda ýerleşýän ýurtlaryň Türkiýe bilen gatnaşyklary boýunça möhüm saparlar guraldy. Türkiýäniň Milli bilim ministri Mahmut Özer we halk deputatlaryndan ybarat bolan wekiliýet 1-nji fewralda İlham Aliýew tarapyndan onlaýn kabul edildi. Duşuşykda özara gatnaşyklar, açylmagy meýilleşdirilýän Azerbaýjan-Türkiýe uniwersiteti hakynda pikir alyşyldy.

1-nji fewralda Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow Türkiýä sapar etdi. Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akaryň çakylygyna laýyllykda Türkiýä gelen Hasanow, “Gyş Türgenleşigi-2023” halkara harby türgenleşige syn etdi.

Wakalardan hem belli bolşy ýaly Azerbaýjan ÝB-ne agza ýurtlaryň özara gatnaşyklary ösýär.



Degişli Habarlar