Howplar we Pursatlar

Hepdäniň syny

1932572
Howplar we Pursatlar

Taryhy döwrüň möhüm öwrülşik nokatlaryndan birini başdan geçirýäris. Bir tarapdan global näbellilikleriň artýan, uly güýç synanşyklarynyň global häsýete eýe bolan we bütin sebitleýin ulgamlarda duýulýan giň gerimli öwrülşik tapgyry başdan geçirilýär. Beýleki tarapdan bolsa Türkiýe haýsy tarapdan seredilende-de global häsýete eýe bolan meseleleriň ortasynda ýerleşýär: Ukraina söweşi, Kawkazdaky durnuksyz parahatçylyk tapgyry, Balkanlarda ýarylmaga taýýar ýerli çaknyşyk dinamikalary, Gresiýanyň özgerlişikçi diskurslary we syýasaty, Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa bäsleşigi we ABŞ-nyň sebite bolan gyzyklanmasynyň artmagy, Demirgazyk Afrikanyň iň möhüm meselesi bolan Liwiýanyň bölünmegi, Siriýada dowam edýän durnuksyz şertler, Yrakdaky syýasy durnuksyzlyk, Eýranda dowam edýän protestleriň ýüze çykaran näbelliligi… Sanawy uzaltmak mümkin. Eýsem Ukraina söweşi sebäpli ýüze çykan energiýa we azyk ýetmezçiligi Türkiýe üçin hem pursat hem-de täze howplary özünde jemleýär. Ähli ugurlar howanyň üýtgemegi ýaly daşky gurşaw meseleleri we ýakynlap gelýän-ýylyň birinji ýarymynda görüljek-global ykdysady durgunlyk hem goşulanda Türkiýäniň 2023-nji ýylda geosyýasy sferasynyň diýseň depginli boljakdygy görülýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory, ýazyjy Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Bu ugurlardan 2023-nji ýylda iň esasysy ýene-de Ukrainada dowam edýän söweş bolar. Söweşiň gutarmagy mümkin görünmeýär. Hasam dartgynlaşjakdygyny görekezýän käbir çaklamalar bar. Zelenskiýniň Waşingtona sapary ABŞ-nyň Ukraina harby kömegini artdyrjakdygyny, iň esasysy bolsa görnüşini üýtgedýändigi görkezýär. Eger şeýle bolsa söweşiň dowam etjek ssenarisine taýýarlykly bolmak gerek. Söweşiň dowam eden şertlerinde, eger hasam dartgynlaşmasa, Türkiýäniň pozisiýasy hasam güýçlener. Hatda şol pozisiýa Türkiýäni diplomatik we geosyýasy taýdan hem güýçlendirer. Energetika, Ýewropanyň howpsuzlygy, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda Türkiýäniň eýelän işjeň pozisiýasy hasam çuňlaşar. Ankara-Waşington-Brýussel ugry boýunça dartgynly tapgyryň başdan geçirilmegi ähtimal. 2023-nji ýylda Ukraina söweşi bilen bilelikde seljeriljek meselelerden biri hem Gara deňiz. Gara deňiziň söweşden soň ABŞ-nyň menziline degişliliginiň artandygy we bu taýda Gara deňize serhetdeş ýurtlar bilen Russiýa garşy täze bir başlangyjyň başyny başlamak isleýändigi görülýär. Şol çäkde “Giňeldilen Gara deňiz taslamasyna” ünsli çemeleşilmeli.

2023-nji ýylyň pozitiw gün tertibinde Ýakyn Gündogarda kadalaşma tapgyrynyň depginini gowşatman dowam etjekdigini çak edýäris. Sebit, Ukraina söweşinden soň ýurtlaryň pozisiýalaryny özgerden tapgyryny başdan geçirýär.  Kadalaşma hem şol atmosferada amala aşdy. Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Ysraýyl bilen dowam edýän kadalaşma tapgyrynyň hasam güýçlenjekdigini aýtmak ýerlikli bolar. Müsüri bilen depgini gowşak hem bolsa dowam edýär, emma 2022-nji ýyldan tapawutly boljakdygy ikiuçsyz.

Siriýa delosy bolsa täzeliklere açyk. Ýylyň ahyrynda Moskwada geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk 11 ýyldan soň edilen möhüm başlangyçdy. Üçtaraplaýyn mehanizmiň durnukly ulgam hökmünde 2023-nji ýylda dowam etjekdigi we delolar boýunça dowam etjekdigi görülýär. Terror, bosgunlaryň yza dolanmagy we syýasy çözgüt meselesinde gysga möhletde täzelige garaşmak ýerlikli bolmaz. Ähtimallyklara garalanda bolsa; hökümet bilen Siriýanyň milli goşunlarynyň arasyndaky harby dartgynlygyň azaldylmagy, PKK-nyň çäklendirilmegi, bosgunlaryň bölekleýin yza dolanmagy we İdlib meselesinde käbir ylalaşyklar gazanylyp bilner. Eýranyň bu tapgyry bökdemäge synanşmagy we Damasky Türkiýeden daşda tutma tagallasynyň käbir netijeleri bolup biler.

2023-nji ýylyň esasy meselelerinden biri hem Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky düşnüşmezlik. İki tarapda hem saýlawlar bar we Afyny bar bolan meçew beriji syýasatyndan el çekçege meňzemeýär.  Adalaryň ýaraglandyrylmagy we 6 milden 12 mile çenli artdyrmak ugrundaky tagallasy Türkiýäni Gresiýa garşy çäre görmäge mejbur edip biler. Hukuky düşnüşmezlikleriň agyr netijeleri bolup biler.

2023-nji ýylda daşary syýasat gündeliginde köp mesele bar. Ählisiniň üstünde durup geçmek mümkin däl. Emma täze ýylyň depginli geçjekdigini çaklamak hem kyn bolmasa gerek. 2023-nji ýyldaki prezident saýlawy Türkiýe Respublikasynyň ikinji asyryna gadam basan ýylyna galan gelýär.  Türkiýäniň geosyýasy we howpsuzlyk şertleri iňňän bäsleşikçi we çäklendiriji bolar hem-de Türkiýäniň ikinji asyryndaky strategik ugrukmalary bilen baglylykda biri-birleri bilen bäsleşýän geoýasy taslamalar bolar. 2023-nji ýyl, diňe bir içeri syýasat taýdan däl, Türkiýäniň sebitleýin we global strategik başlangyçlary taýdan hem ýurduň ikinji asyrynyň başlangyjyny emele getirer. Bu taýda saýlawlar Türkiýäniň geosyýasatyny ugrukdyrjak belken iň esasy dinamika bolar.



Degişli Habarlar