Gündogar Ortaýer Deňizinde Geosyýasy Göreş

Hepdäniň Syny

1491103
Gündogar Ortaýer Deňizinde Geosyýasy Göreş

 

Soňky hepdelerde Gündogar Ortaýe deňizinde başdan geçirilýän wakalar Ýakyn Gündogardan we Demirgazyk Afrikadan emele gelýän sebitdäki geosyýasy göreşiň sudurynyň has anyk ýüze çykmagyny ýola goýdy. Ýokary geosyýasy göreş giňişligi häsýätlendirilýän sebitiň geljekki döwürde köp oýunçyly bäsleşigiň başdan geçiriljek sebitlerinden biri bolmagy ikiuçsyz.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary bölüminiň müdiri Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilen wakalar Ýakyn Gündogarda başdan geçirilen geosyýasy bäsleşigiň bölegi görnüşinde dowam eder. Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri Lewant sebitinde Müsüriň we Ysraýylyň tebigy hyzmatdaşy hökmünde Ortaýer deňizindäki bäsleşige goşuldy. Şol frontyň esasy maksady Türkiýäniň gurşaw astyna alynmagy we çäklendirilmegi. Adybir ýurtlar Gresiýa we Kipriň grek bölegi bilen täze hyzmatdaşlyklar döretdi. Soňky döwürde BAE we Gresiýa türgenleşigi onuň aýdyň mysaly.

Şol bloguň esasy maksady Türkiýäniň gurşaw astyna alynyp, çäklendirilmegi. Gurşaw astyna almak Türkiýä garşy bloguň Türkiýäniň operatiw giňişligini daraldyjy syýasatlaryň iş ýüzüne geçirilmegi. Çäklendirme bolsa Türkiýäniň harby güýjüni deňagramlaşdyryp, harby täsirini azaltmak hökmünde häsýetlendirlip bilner.

Gurşaw astyna almagyň birinji tapgyrlaryndan biri Türkiýäni deňagramlaşdyrmak üçin halkara ýaranlyk döretmek. Şol çäkde grek mediasynda Türkiýe Sowuk uruş döwründäki Sowet Soýuzyna meňzedilýär. Gurşaw astyna almagyň ikinji tapgyryny bolsa Ortaýer deňizindäki geosyýasy we geoykdysady göreş emele getirýär. Bu taýda Türkiýäniň Liwiýadaky we Ortaýer deňizindäki göçümleri biynjalyklygyň gözbaşyny emele getirýär.

Türkiýäni gabaw astyna almak üçin döredilen hyzmatdaşlykda Gresiýa öňbaşçy, Frasiýa bolsa özüni gödek ädimler bilen ornaşmaga synanşýan güýç hökmünde ýüze çykýar. Makronyň Lewantda özüne täze orun tapmaga synanşmagyny şol ugurda edilen başlangyç hökmünde görmek ýerlikli bolar. Fransiýa Ýewropada emele gelen boşlugy ozalky güýjüne esaslanyp, eýelemek we şondan ugur alyp, Germaniýa garşy täzeçe pozisiýa eýelemek isleýär.

Gresiýa bolsa ýönekeýje sebäplere görä hereket edýär. Türkiýäniň merkeze ornaşdyran “ideologik” Elenistik strategiýany bir gyra goýanymyzda maksat, Türkiýänin garşysynda ýeke galmazlyk üçin köptaraply hyzmatdaşlyga degişli bolup, özüni tanatmak. ABŞ-da, Ysraýyla, BAE-ne, Müsüre, Fransiýa, Saud Arabystanyna yzgiderli göz gypmagynyň sebäbi hem şol. Eýsem ýekelikde Türkiýäniň öňünde galma ähtimallygy Gresiýanyň içindäki gorkusynyň ýaňadandan ýüze çykmagyna sebäp bolar.

Çäklendirme strategiýasy bolsa harby hüýçleri özünde jemleýär. Şol jähtden ABŞ-Gresiýa goranyş hyzmatdaşlyk başlangyjynyň Türkiýä harby taýdan deňleşme maksadyna eýedigi äşgär. Şol çäkde ABŞ-nyň soňky döwürde edýän başlangyçlaryna ser salmak ýerlikli bolar. Kryt adasynda ýerleşýän “Suda” harby bazasynyň giňeldilip, döwrebaplaşdyrylmagy, “Larisa” howa menziliniň durkunyň täzelenmegi, “Stefanowikeio” harby howa bazasynyň giňeldilmegi, “Dedeagaç” portunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly işler şolaryň iň esasylaryndan käbirleri. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň F-35 harby uçarlarynyň berilmegi boýunça Gresiýa göz gypmagy, Gresiýanyn Fransiýadan 18 sany (8 sanysy tölegsiz” “Rafael” kysymly harby uçar almagy meýilleşdirmegi ýaly hususlar hem Türkiýä deňleşmek ugrundaky göçümlerden käbirleri.

Beýleki tarapdan resmi Waşingtonyň Kipriň grek bölegine goýulan ýarag embargosyny bes etmegini hem sanawa goşmak ýerlikli bolar. Emma häzirlikçe ABŞ-nyň grek dolanşygyna agyr ýaraglar bermegine garaşylmaýar. Eýsem şeýle başangyjyň Türkiýe bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrmak we Kiprde türk alternatiwiniň iş ýüzüne geçirilmegi manysyny aňlatjakdygyny taraplaryň ählisi bilýär. Bu ýerde 1997-nji ýylda dartgynlygy ýatlamak ýerlikli. Grek dolanşygy Russiýadan S-300 almaga synanşanda, Türkiýäniň hem ada blok goýmak hem-de çäre görme hukugyndan peýdalanjakdygyny beýan etmegi netijesinde grek dolanşygy raketalary Gresiýa bermeli bolupdy.

Türkiýäniň gurşaw astyna alynmagy we çäklendirilmegi häzirlikçe syýasy taslamadan ybarat. Taslamanyň iş ýüzüne geçirilmegi esasan NATO zyýan berer. Gündogar Ortaýer deňizi şol jähtden esasy synag zolaklaryndan birine öwrüldi. Gündogar Ortaýer deňizi mundan beýläk geosyýasy, geoykdysady we harby dartgynlyklary ýygy-ýygydan başdan geçirer. Şol dartgynlyklarda ygrarly we sabyrly bolan üstün çykar.



Degişli Habarlar