Dokma Senagatynyň Eksporty Artdy
Türk dokma önümleri geçen ýyl 207 sebite we erkin zolaga satyldy.

Dokma senagatynyň eksporty geçen ýyl 9 milliard 495 million dollara barabar boldy.
Türk dokma senagaty 2024-nji ýylda 9 milliard 495 million 379 müň dollarlyk önüm eksport etdi.
Türk dokma önümleri geçen ýyl 207 sebite we erkin zolaga satyldy.
Pudagyň eksportçylary 2 milliard 499 müň 416 tonna önüm eksport edip 9 milliard 495 million 379 müň dollarlyk girdeji gazandy.
Eksport sanawynda ÝB-ne agza ýurtlar esasy orun eýeledi.
2024-nji ýylda Italiýa 739 million 585 müň dollar bilen birinji orny eýeledi.
Sanawda Italiýadan soň Britaniýa 533 million 679 müň dollar ikinji, 473 million 370 müň dollar bilen Ispaniýa hem üçünji orny eýeledi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Şaý-Sep Eksporty Artdy
Şaý-sep eksportynda Birleşen Arap Emirlikleri 607,8 million dollar bilen esasy orun eýeledi.