Türkiyäniň dünýä maliýe bazarlaryndaky orny barha güýçlenýär
Maliýe pudagynyň merkezi "Stambul Maliýe Merkezi" täze hyzmatdaşlyk bilen hasam ösýär

Soňky gezek bolsa dünýäniň iň uly 35-nji ykdysadyýeti bolan Gonkong bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Gonkongyň Maliýe hyzmatlaryny ösdürmek geňeşi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.
Maksat bilelikdäki taslamalar arkaly pudaga täze mümkinçilikler hödürlemekdir.
Gonkong ýaly oňat maliýe merkezi bilen bular ýaly hyzmatdaşlyk Stambulyň Maliýe Merkeziniň dünýä arenasynda has görnükli bolmagyny we halkara maýadarlar üçin özüne çekiji merkeze öwrülmegini üpjün eder.
Ylalaşygyň çäginde maliýe merkezleriniň arasynda maglumat we tejribe paýlaşylar.
Halkara maliýe hyzmatlary we önümleri barada maglumat alyş-çalşygy bolar.
Umumy iş ýerleri dörediler. Tehnologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk bolar.
Ylalaşyk bilen Stambulyň Maliýe Merkezi Türkiyäniň global maliýe dünýäsindäki ornuny hasam güýçlendirer.