Türkiýe Eýran Bilen Hyzmatdaşlyk Ugurlaryny Giňelder
Oba we tokaý hojalyğy ministri Ibrahim Ýumakly Eýran bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösdürmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
İbrahim Ýumakly paýtagt Ankarada geçirilen Türkiýe-Eýran Oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk maslahatynda çykyş etdi.
Ýumakly Türkiýäniň Eýran bilen özara söwda mukdaryny 30 milliard dollara ýetirmegi üçin hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Eýranyň Türkiýäniň Aziýa açylýan gapysy, Türkiýäniň bolsa Eýranyň Ýewropa açylýan gapysydygyna ünsi çeken Ýumakly; “Sanksiýalar sebäpli goňşumyz Eýran bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy bes etmedik, mundan beýlägem bes etmeris” diýdi.
Bar bolan şertlerde sanksiýalaryň Eýran bilen iş gatnaşyklarynda esaanda bank ulgamyndan gelip çykýan bökdençliklere sebäp bolýandygyny beýan eden Ýumakly; “Şu we şuňa meňzeş meseleleriň gysga möhletde çözülmegini umyt edýäris” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň dünýä maliýe bazarlaryndaky orny barha güýçlenýär
Maliýe pudagynyň merkezi "Stambul Maliýe Merkezi" täze hyzmatdaşlyk bilen hasam ösýär
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
Fystyk eksporty 52 göterim artyp 229 million 777 müň dollara barabar boldy.