Türkiýe Funduk Eksportyndan 2,3 Milliard Dollarlyk Girdeji Gazandy
11 aýda 289 müň 39 tonna funduk eksport edildi
2219524
Türkiýe, üstümizdäki ýylyň 11 aýynda funduk eksportyndan 2,3 milliard dollarlyk girdeji gazandy.
Gara deňiz funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginden berlen maglumata görä, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 30-njy noýabry aralygynda 289 müň 39 tonna funduk eksport edildi.
Funduk eksportyndan 2 milliard 349 million 239 müň 446 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Geçen ýyl 11 aýda 251 müň 163 tonnalyk funduk eksport edilip 1 milliard 621 million 988 müň 536 dollarlyk girdeji gazanylypdy