Türkiyäniň Söwda ministri Eýranda saparda boldy
Söwda ministri Ömer Bolat, Eýran bilen söwdada 30 milliard dollarlyk maksada ýetmek üçin tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini aýtdy
Ministr Ömer Bolat Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Türkiye-Eýran bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 29-njy döwür maslahatyndan soň çykyş etdi.
Ministr Bolat özara söwdany ýokarlandyrmak we iki ýurduň prezidentleri tarapyndan kesgitlenen 30 milliard dollarlyk maksatlara ýetmek üçin tagallalaryň dowam etjekdigini habar berdi.
Ömer Bolat söwda, transport we energiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň höweslendiriljekdigini aýtdy.
Söwda ministri Bolat, Tährana guran saparynyň çäginde Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan tarapyndan hem kabul edildi.
Iki ýurduň arasyndaky umumy gümrük söwdasyny ýeňilleşdirmek üçin gümrük geçelgelerini döwrebaplaşdyrjakdyklaryna ünsi çeken Bolat, "Eýran bilen ýene 2 gümrük geçelgesini açmak için işleýäris. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gümrük geçelgelerini we bazarlary berkitmäge synanyşýarys" diýip belledi.
Bolat, 2015-nji ýylda Eýran bilen gol çekilen preferensial söwda şertnamasyny janlandyrmak we syýahatçylyk barada giňişleýin şertnamany durmuşa geçirmek isleýändiklerini aýtdy.
Degişli Habarlar
Türkiýe Funduk Eksportunyň 27,3 Göterimini Germaniýa Etdi
2024-nji ýylda Türkiýeden edilen 323,243 tonna funduk eksportunyň 27,3 göterimi Germaniýa gitdi.