Funduk Eksporty Artdy
3 aýda 100 müň 426 tonna funduk eksport edilip 811 million 879 müň 294 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Türkiýe, 1-nji sentýabrda başlan funduk eksport möwsüminde 3 aýda 811 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Gara deňiz Funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginden berlen ýazmaça beýannamada, 2024-2025 funduk eksport möwsüminiň sentýabr aýynyň 1-i bilen noýabr aýynyň 30-y öz içine alýan döwri hakynda maglumat berildi.
Beýannama görä 3 aýda 100 müň 426 tonna funduk eksport edilip 811 million 879 müň 294 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Geçen möwsümiň ilkinji 3 aýlyk döwründe 83 müň 53 tonna funduk eksport edilip 569 million 358 müň 36 dollarlyk girdeji gazanylypdy.
Degişli Habarlar
Awtoulag Eksporty 11,79 Göterim Artdy
Awtoulag eksporty geçen ýyl 12 milliard 365 million 246 müň dollara barabar boldy.
Haly Eksportundan 2 Milliard 867 Million 477 Müň Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Haly eksportynda ABŞ, Saud Arabystany we Yrak esasy orun eýeledi.