Türkiyäniň kofe eksporty artdy
Türkiye soňky 5 ýylda kofe eksportyndan 154,7 millio dollar girdeji aldy
"Bütindünýä kofe güni" 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji oktýabrynda resmi taýdan bellenilip geçilýär.
Kofeniň ykdysady ähmiýeti we sosial täsiri baradaky habardarlygy ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, durnukly kofe önümçiliginiň bolmagyna hem üns berilýär.
Türkiyede kofe dänesi öndürilmeýändigine garamazdan önüm bu sebitde gaýtadan işlenýär we eksport edilýär.
Türkiyäniň kofe we kofe önümleriniň eksporty 2020-nji ýylyň awgust aýyndan 2024-nji ýylyň awgust aýlary aralygynda takmynan 5 ýylda 154 million 690 müň 881 dollar boldy.
Kofe eksportynyň girdejisi 2020-nji ýylda 20,2 million dollar derejesinde bolan bolsa, 2021-nji ýylda 23,8 million dollara, 2022-nji ýylda 36,5 million dollara we 2023-nji ýylda 39,7 million dollara çenli ýokarlandy.
Türkiye tarapyndan satylýan kofelere iň ýokary islegi görkezen ýurtlar ýyllar boýy üýtgedi.
ABŞ, Gollandiýa, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy (DKTR), Belarussiýa we Saud Arabystany geçen ýyl kofe eksportynyň iň ýokary ýurtlar boldy. Şol wagt aralygynda Türkiyäniň kofesi 146 ýurda eksport edildi.