Stambulda Global E-Eksport sammiti geçirildi
Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Stambul Global E-Eksport sammitiniň türk kärhanalaryna halkara bazarlarda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hödürländigini habar berdi
Stambulda Global E-Eksport sammiti 4-5-nji sentýabr aralygynda geçirilipdi.
Söwda ministri Ömer Bolat sammitiň netijeleri barada beýannama berdi.
"Sammit ýerli we global elektron söwdanyň möhüm taraplaryny bir ýere jemledi" diýip aýdan Ömer Bolat, Amerikadan Günorta-gündogar Aziýa we Ýewropa çenli 3 müňden gowrak wekiliň sammite gatnaşandygyny mälim etdi.
Ömer Bolat: "Sammitiň çäginde geçirilen B2B maslahatlarynda 300-den gowrak türk kärhanasy, 1350 wekil global elektron söwdanyň möhüm resmileri bilen duşuşyklar geçirip, ýokary derejeli netijeli gepleşikler geçirdiler" diýip aýan etdi.
Ministr Ömer Bolat global we sebitleýin e-söwdanyň möhüm markalaryny bir ýere jemlän sammitiň, e-söwda sergisi häsýetinde geçendigini beýan etdi.
Ömer Bolat: "Ministrlik hökmünde e-eksportyň umumy eksportdaky paýyny 10 göterime çenli ýokarlatmagy maksat edinýäris" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Türkiyäniň Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek, Katar we Kuweýte resmi sapar amala aşyrar