Türkiýeden 124 Ýurda Funduk Eksport Edildi
Funduk eksportundan 2 milliard 349 million 115 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Türkiýeden 2023-2024 funduk eksport möwsüminde Germaniýanyň başda durmagynda 124 ýurda funduk eksport edildi.
Gara deňiz funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlan we 2024-nji ýylyň 31-nji awgustuna çenli dowam eden eksport möwsüminde 303 müň 457 tonna funduk eksport edilip 2 milliard 349 million 115 dollarlyk girdeji gazanyldy.
2022-2023 funduk eksport möwsüminde 298 müň 557 tonna funduk eksport edilip 1 milliard 795 million 189 müň 783 dollarlyk girdeji gazanylypdy.
Geçen eksport möwsümi bilen deňeşdirilende funduk eksporty 1,6 göterim artdy.
Germaniýa 83 müň 240 tonna funduk eksport edilip 38 million 94 mü 991 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Germaniýa eksport sanawynda esasy orun eýeledi.
Germaniaýdan soň sanawda Italiýa bilen Fransiýa esasy orun eýeledi.