Söwda ministri Ömer Bolat Pakistanda saparda bolýar
Ömer Bolat iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini aýan etdi
Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat resmi sapar bilen giden Pakistanyň paýtagty Yslamabad şäherinde, ýurduň Maliýe ministri Muhammed Aurangzeb bilen gepleşikler geçirdi.
Geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşyldy.
Ömer Bolat geçirilen gepleşikler barada özüniň sosial media hasabyndan maglumat berdi.
Ömer Bolat geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky ykydysady gatnaşyklaryň, maýa goýum we eksport kärhanalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ara alynyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.
Geçen ýyl Pakistan bilen Türkiyäniň arasyndaky söwda mukdarynyň 1 milliard dollardan, maýa goýumlaryň 2 milliard dollardan geçendigini ýatladan Ömer Bolat: "Pakistan bilen söwda mukdarymyzy 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris" diýip beýan etdi.
Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini aýan etdi.