Stambul Howa Menzili Täze Rekord Goýdy

Ýekşenbe güni howa menzili 268 müň 275 ýolagça hyzmat etdi.

2157876
Stambul Howa Menzili Täze Rekord Goýdy

Dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň hatarynda ýer alýan Stambul howa menzili täze rekord goýdy.

Ýekşenbe güni howa menzili 268 müň 275 ýolagça hyzmat etdi.

30-njy iýunda Stambul howa menzilinden 1214-i daşary ýurda bolmak bilen jemi 1592 uçar sapary guraldy.

205 müň 721 ýolagçy daşarky gatnawlar, 62 müň 554 ýolagçy hem içerki gatnawlar bilen syýahat etdi.

Ulaglar we infrastrutura ministri Abdulkadir Uralogly, Stambul howa menziliniň täze rekordlaý goýmaga dowam edýändigini nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar