Ançous Eksporty 22 Göterim Artdy

10 aýda 25 ýurda ançous balygy eksport edildi

2066580
Ançous Eksporty 22 Göterim Artdy

 

Ançous eksporty üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe 22 göterim artyp 11 million 168 müň dollara barabar boldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiýeden 10 aýda 2 müň tonna ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Ançous eksportundan 11 million 168 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan, ançous eksportynyň geçen ýylyň 10 aýlyk döwrü bilen deňeşdirilende 22 göterim artandygyny ýatlatdy.

Gündogar 10 aýda 25 ýurda ançous balygynyň eksport edilendigini belledi.

Ançous eksportunda 4 million 7 müň 179 dollar bilen Fransiýa1-nji, 3 million 507 müň 586 dollar bilen Belgiýa 2-nji, 958 müň 133 dollar bilen Germaniýa hem 3-nji orun eýeledi.

Şu ýyl geçen ýyldan tapawutly ýagdaýda ilkinji gezek Özbegistana, Liwana, Yraga, Moldowa, Malaýziýa we Somala ançous balygy eksport edildi.


Etiketkalar: #eksport , #girdeji , #ançous

Degişli Habarlar