Türkiýe Bütindünýä Banky Bilen Karz Ylalaşygyna Gol Çekişdi
Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek; “Bütindünýä banky bilen 895,7 million ýewrolyk karz şertnamasyny başlaşdyk” diýdi.
2040988

Bütindünýä bankynyn mundan ozal Türkiýä 35 milliard dollarlyk goldaw bermegi meýilleşdirendigini ýatladan Şimşek, şol goldawyň 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinden zyan çeken sebitleriň dikeldiş we ýaşyl öwrülşik ýaly real pudagyň täze maýa goýumlarynda peýdalanyljakdygyny beýan etdi.
Şimşek şol çäkde Bütindünýä bankyndan “Döwlet eýeçiliginde we häkimliklerde gaýtadan işlenýän energiýa taslamasy” üçin 500 million ýewro, “Suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagynyň we tygşytlylygynyň artdyrylmagy” üçin bolsa 395,75 million ýewro möçberinde maliýe üpjünçiligini tapandyklaryny habar berdi.
Degişli Habarlar

Gündogar Gara deňizde ary baly eksporty artdy
Sebitden şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 874 tonna ary baly eksport edildi