8 Aýda 85 Million 386 Müň Dollarlyk Bulgur Eksport Edildi
Bulgur eksportunda Yrak birinji, Russiýa ikinji, Siriýa bolsa üçünji orny eýeledi
2040077

Türkiýeden 8 aýda 85 million 386 müň dollarlyk bulgur eksport edildi.
Günorta gündogar Anadoly galla we galla önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Jelal Kadooglu, Türkiýede ýylda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bulguryň öndürilýändigini aýtdy.
Kadaoglu “Bulgur önümçiliginiň 250 müň tonnalyk bölegi eksport edilýär. Üstümizdäki ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 85 million 386 müň dollarlyk bulgur eksport edildi. Bulgur eksportunda Yrak birinji, Russiýa ikinji, Siriýa bolsa üçünji orny eýeledi” diýdi.