Fitch Ratings Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings Global Ykdysady görkezijiler habarnamasynyň sentýabr aýyndaky sanyny çap etdi
2037400

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitch Ratings Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl bilen bagly ösüş çaklamasyny 2,5 göterimden 4,3 göterime çenli ýokarlandyrdy.
Fitch Ratings Global Ykdysady görkezijiler habarnamasynyň sentýabr aýyndaky sanyny çap etdi.
Habarnamada Türkiyäniň ykdysadyýetiniň şu ýylyň 2-nji çärýeginde garaşylandan has çalt ösmeginden soň, şu ýyl bilen bagly ösüş çaklamasyny 2,5 göterimden 4,3 göterime çenli ýokarlandyrdy.
Habarnamada Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda 3 göterim we 2025-nji ýylda 3,4 göterim ösmegine garaşylýandygy mälim edildi.
Degişli Habarlar

Nýu-Ýorkda Maýa Goýum Bankedi Geçirildi
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türk öýünde maýa goýum bankedi geçirildi.