Türkiyäniň Senagat önümçiligi artdy

Türkiyäniň Senagat önümçiliginiň indeksi iýul aýynda aýlyk görkezijilere görä 0,4 göterim, ýyllyk görkezijilere görä bolsa 7,4 göterim artdy

2035651
Türkiyäniň Senagat önümçiligi artdy

Türkiyäniň Statistika guramasy, iýul aýynyň Senagat önümçiliginiň indeksiniň netijelerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda iýul aýynda senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi geçen ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende 7,4 göterim artdy. 

Senagat pudagynyň bölümlerine ser salynanynda iýul aýynda magdançylyk we karýer pudagynyň indeksi geçen ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende 1,7 göterim, tebigy gaz, bug we yklymlandyryş önümçiligi we paýlanşygy pudagynyň indeksi 4,1 göterim, we önümçilik senagaty pudagynyň indeksi 7,4 göterim artdy. 

Senenama täsirinden saplanmadyk senagat önümçiliginiň indeksi ýyllyk görkezijilere görä 18,79 göterim artdy. 



Degişli Habarlar