Stambul Howa Menzilinden Günde Ortaça 1423 Uçar Sapary Guraldy
Antalýa howa menzili hem günde ortaça 819 uçar sapary bilen ilkinji onlukda ýer aldy.

Stambul howa menzili, iýun aýynyň birinji hepdesinde günde ortaça 1423 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň uly howa menzili boldy.
Ýewropa howa gatnawy gullugynyň iýun aýynyň 1-7-i aralygyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menzili günde ortaça 1423 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň uly howa menzilleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.
Stambul howa menzilinden soň günde ortaça 1341 uçar sapary bilen Amsterdam Skhipkhol howa menzili ikinji, 1305 uçar sapary bilen Parižiň Şarl de Goll howa menzili üçünji orny eýeledi.
Antalýa howa menzili hem günde ortaça 819 uçar sapary bilen ilkinji onlukda ýer aldy.
Degişli Habarlar

“Türkiýe, Daşary Ýurtly Maýadarlar Üçin Ynamdar Port Bolmaga Dowam Edýär”
Prezident Erdogan, Türk-Amerikan işewürler geňeşi tarapyndan berlen nahara gatnaşdy.

8 Aýda 85 Million 386 Müň Dollarlyk Bulgur Eksport Edildi
Bulgur eksportunda Yrak birinji, Russiýa ikinji, Siriýa bolsa üçünji orny eýeledi