Türkiye ýylyň ilkinji 4 aýynda 20 ýurda ançous eksport etdi

Türkiye şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 20 ýurda 3 million 880 müň 628 dollarlyk ançous eksport etdi

1993692
Türkiye ýylyň ilkinji 4 aýynda 20 ýurda ançous eksport etdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, ýurduň ýylyň ilkinji 4 aýynda 656 tonna ançous eksport edendigini habar berdi. 

Şol eksportdan 3 million 880 müň 628 dollar girdeji alynandygyny aýdan Gürdogan, ançous satylan 20 ýurduň arasynda Fransiýanyň ilkinji orunda bolandygyny belläp: "Ýurdumyzdan şol wagt aralygynda Fransiýa 1 million 475 müň 294 dollarlyk, Belgiýa 968 müň 258 dollarlyk we ABŞ-na 413 müň 635 dollarlyk ançous eksport edildi" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #Fransiýa , #eksport , #ançous

Degişli Habarlar