Türkiyäniň ykdysadyýeti şu ýylyň ilkinji çärýeginde ösdi
Türkiyäniň ykdysadyýeti ýylyň ilkinji çärýeginde 4 göterim ösdi
1993395

Türkiyäniň Statistika guramasy şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygyny öz içine alýan 1-nji çärýegi bilen baglanşykly Jemi içerki önümiň netijelerini aýan etdi.
Şoňa laýyklykda Jemi içerki önüm 2023-nji ýylyň 1-nji çärýeginiň ilkinji çaklamasy geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 4 göterim ösüş etdi.
Şeýlelik bilen Türkiyäniň ykdysadyýeti Kowid-19 epidemiýasyna garşy çäre görülmäge başlanan senesi bolan 2020-nji ýylyň 2-nji çärýeginden soň yzly-yzyna 11 çärýek ösüş etdi. Şu ýylyň ilkinji çärýeginde 6-nji fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň täsirine garamazdan 4 göterim ösüş etmegi, ünsleri özüne çekdi.