Stambul Howa Menzili 3 Aýda 16 Milliondan Gowrak Ýolagçyny Kabul Etdi

Stambul howa menzili 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 11 million 371 müň ýolagçyny kabul edipdi.

1974791
Stambul Howa Menzili 3 Aýda 16 Milliondan Gowrak Ýolagçyny Kabul Etdi

Stambul howa menzili üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 16 million 403 müň ýolagçyny kabul etdi.

Stambul howa menziliniň ýokary derejeli ýolbaşçysy Kadri Samsunly, sosial media arkaly 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde kabul edilen ýolagçy sany hakynda maglumat berdi.

Stambul howa menzili 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 11 million 371 müň ýolagçyny kabul edipdi. Şol san üstümizdäki ýylyň ilkinji üç aýynda 16 million 403 müň ýolagçy ýetdi.

Stambul howa menzili 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 3 million 466 müň, fewral aýynda 3 million 549 müň we mart aýynda hem 4 million 355 müň ýolagçyny kabul edipdi

Şol san üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda 63 göterim artyp 5 million 637 müň, fewral aýynda 42 göterim artyp 5 million 24 müň we mart aýynda hem 32 göterim artyp 5 million 742 müň ýolagça ýetdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar