9 Ýurda 3 Müň 300 Tonna Losos Balygy Eksport Edildi

Üç aýlyk döwürde 23 million 72 müň 751 dollarlyk losos balygy eksport edildi.

1972628
9 Ýurda 3 Müň 300 Tonna Losos Balygy Eksport Edildi

Gündogar Gara deňizden ýanwar-mart aýlaryny öz içine alýan döwürde 23 million 72 müň 751 dollarlyk losos balygy eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň suw önümleri pudagy komitetiniň başlygynyň orunbasary Hasan Kuzuoglu, Gündogar Gara deňizden 9 ýurda 3 müň 300 tonna losos balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Kuzuoglu, losos eksportundan 23 million 72 müň 751 dollarlyk girdeji gazanylandygyny nygtady.

Losos balygynyň eksportunda Russiýanyň esasy orun eýeleýändigini ýatladan Kuzuoglu “Russiýa üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 21 million 62 müň 371 dollarlyk losos balygy satyldy. Russiýadan soň sanawda 1 million 633 müň 419 dollar bilen Wýetnam ikinji, 244 müň 145 dollar bilen Belarus üçünji orny eýeledi” diýdi.



Degişli Habarlar