TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy
Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar
1967333

Türkiyäniň ýerli awtoulagy TOGG-yň T10X modeli üçin sargyt bermäge hukuk gazanan 20 müň esasy we 20 müň goşmaça adamyň sanawy belli boldy.
Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar.
Ýerli we milli elektrik tokda işleýän TOGG-yň T10X nusgasynyň ilkinji eýeleri çekilen bijeler bilen belli boldy.
TOGG-yň T10X nusgasyny almaga hukuk gazanan adamlaryň sanawy TOGG-yň resmi internet saýtyndan we Trumore gollanmasyndan mälim edildi.
TOGG-yň T10X modeli üçin deslapky sartgyt beren 177 müň 467 adamyň arasyndan 20 müň adam ýerli awtoulagyň eýesi boldy.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Haly Eksporty Artdy
Haly eksporty maý aýynda 48,5 göterim artyp 234 million 317 müň dollara barabar boldy