Iki Aýda 6 Million 485 Müň 105 Dollarlyk Bal Eksport Edildi
Türkiýeden 2 aýda 26 ýurda bal eksport edildi

Türkiýeden ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde 6 million 485 müň 105 dollarlyk bal eksport edildi.
Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed Hamdi Gürdogan, Türkiýeden 2 aýda 26 ýurda bal eksport edilendigini aýtdy.
Ýanwar-fewral aýlarynda 2 müň 76 tonna balyň eksport edilendigini aýdan Gürdogan, ady agzalýan eksportdan 6 million 485 müň 105 dollarlyk girdeji gazanylandygyny belledi.
ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Germaniýanyň bal eksportunda esasy orun eýeleýändigine ünsi çeken Gürdogan, “ABŞ-na 1 million 881 müň 9 dollarlyk, Ysraýyla 1 million 593 müň 938 dollarlyk, Germaniýa hem 963 müň 153 dollarlyk bal eksport edildi” diýdi.
Degişli Habarlar

Stambul Howa Menzilinden Günde Ortaça 1423 Uçar Sapary Guraldy
Antalýa howa menzili hem günde ortaça 819 uçar sapary bilen ilkinji onlukda ýer aldy.