Ançous Eksportundan 2 Aýda 1,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

17 ýurda ançous balygy eksport edildi

1959429
Ançous Eksportundan 2 Aýda 1,5 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy

Türkiýe üstümizdäki ýylyň iki aýlyk döwründe ançous eksportundan 1,5 million dollarlyk girdeji gazandy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Ahmet Hamdi Gürdogan, ýanwar-fewral aýlarynda 17 ýurda ançous balygynyň eksport edilendigini aýtdy.

Ançous eksportunda Fransiýanyň, Belgiýanyň we İspaniýanyň esasy orun eýeleýändigini aýdan Gürdogan, ýanwar-fewral aýlarynda 303 tonna ançous balygynyň eksport edilendigini we 1 million 569 müň 373 dollarlyk girdeji gazanylandygyny belledi.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Ahmet Hamdi Gürdogan geçen ýyldan tapawutly ýagdaýda şu ýyl Şwesiýa, Gruziýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Liwana we Somala hem ançous balygynyň eksport edilendigini ýatlatdy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #eksport , #girdeji , #ançous

Degişli Habarlar