TOGG Şu Hepde Satuwa Çykarlar

“TOGG dünýäniň elektrik togy bilen işleýän esasy awtomobil makralaryndan biri bolar”

1959057
TOGG Şu Hepde Satuwa Çykarlar

 

Türkiýäniň awtomobili Togguň sabyrsyzlyk bilen garşylýan satuw etaby başlaýar.

Senagat we tehnalogiýa ministriniň orunbasary Mehmet Fatih Kaçyr, Togguň şu hepde satuwa çykaryljakdygyny habar berdi.

Kaçyr “Togg dünýäniň elektrik togy bilen işleýän esasy awtomobil makralaryndan biri bolar” diýdi.

Togguň  satuwa çykaryljak ilkinji görnüşi SUW bolar.

Togguň nyrhy hakynda hem gysga wagtda halka maglumat berler.

Togguň Bursa Gemlikdäki önümçiligine 2022-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda başlanypdy.

Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 20 müň awtomobil öndürler.

2030-njy ýyla çenli bolsa 1 million awtomobiliň öndürilmegine garaşylýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #elektrik togy , #satuw , #TOGG

Degişli Habarlar