Awtomobil Pudagynyň Önümçiligi we Eksporty Artdy
Iki aýda 134 müň 474 sany awtomobil öndürildi.

Türkiýäniň awtomobil pudagynynyň üstümizdäki ýylyň ilkinji 2 aýyndaky önümçiligi we eksporty artdy.
Awtomobil senagaty jemgyýeti, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda pudagyň önümçiliginiň we eksportunyň artandygyny mälim etdi.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda awtomobil önümçiligi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 23 göterim artdy. Iki aýda 134 müň 474 sany awtomobil öndürildi.
Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, awtomobil pudagynyň eksport iki aýda 12,2 göterim artyp, pudaklaýyn eksport sanawynda ilkinji orny eýeledi.
Degişli Habarlar

Ysraýyl, Tel-Awiw-Stambul Uçar Saparlaryny Başlatdy
Sund’Or firmasy 16 ýyl soň Türkiýe uçuşlaryna Tel-Awiw-Stambul sapary bilen ýaňadandan başlady.

TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy
Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar