Türkiyeden Fransiýa amala aşyrylan eksport rekord derejä ýetdi
Fransiýa Türkiyäniň iň köp eksport amala aşyran 6-njy ýurt hökmünde hasaba alyndy

Türkiye 1 milliard 352 million dollar bilen Fransiýa ähli wagtlaryň iň ýokary ýanwar-fewral aýlarynyň eksportyny amala aşyrdy.
Türkiyäniň eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä Türkiyäniň Fransiýa amala aşyran eksporty ýylyň ilkinji 2 aýynda 2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 15,7 göterim artyp, Fransiýanyň jemi eksportyndaky paýy 4 göterim boldy.
Fransiýa Türkiyäniň iň köp eksport amala aşyran 6-njy ýurt hökmünde hasaba alyndy.
Türkiyeden Fransiýa iň köp eksport 628 million 680 müň dollar bilen awtoulag senagaty pudagy boldy.
Degişli Habarlar

Ysraýyl, Tel-Awiw-Stambul Uçar Saparlaryny Başlatdy
Sund’Or firmasy 16 ýyl soň Türkiýe uçuşlaryna Tel-Awiw-Stambul sapary bilen ýaňadandan başlady.

TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy
Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar