Türkiyäniň Pars aýlagy ýurtlaryna eksporty artdy

Türkiyäniň Pars aýlagy ýurtlaryna eksporty ýanwar aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 16,1 göterim artyp, 1 milliard 431 million dollara ýetdi

1948273
Türkiyäniň Pars aýlagy ýurtlaryna eksporty artdy

Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen beýannama görä, Türkiyäniň jemi eksporty geçen ýanwar aýynda 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 10,4 göterim artyp, 19 milliard 375 million dollara ýetdi. 

Türkiyäniň ýanwar aýynda Pars aýlagy ýurtlaryna eksporty bolsa 16,1 göterim artyp, 1 milliard 431 million dollara ýetdi. 

Geçen aý Yraga 671,2 million dollar, BAE-ne 223,1 million dollar, Saud Arabystanyna 202,8 million dollar, Eýrana 191,7 million dollar, Katara 54,9 million dollar, Kuweýde 45,4 million dollar, Omana 27,6 million dollar we Bahreýne 14,3 million dollar eksport amala aşyrdy. 



Degişli Habarlar