Birža Stambulda geleşikler bes edildi
Birža Stambul AŞ biržadaky geleşikleriň bes edilmegi barada karar kabul edilendigini habar berdi

Köpçüligiň dykgatyna ýetirmek platformasy tarapyndan çap edilen beýanatada: "Biržamyz Gymmatly kagyzlar bilen Fýuçers we opsiýalar bazaryndaky paýnamalar we paýnamalar indeksindäki deriwatiw işleriniň togtadylmagy barada karara gelindi" diýip habar berildi.
Şu gün BIST 100 indeksindäki peselişiň 5 we 7 göterim çägini geçmeginden soň, nobat bilen sagat 10:12.01 we 10:42.31-de Indekse bagly awtomatik öçüriji ulgam işledi.
Indekse bagly awtomatik öçüriji ulgamyň 2-nji gezek işledilmeginden soň Birža Stambul AŞ tarapyndan berilen duýduryş bilen geleşikler dolulygyna bes edildi.
Degişli Habarlar

Ysraýyl, Tel-Awiw-Stambul Uçar Saparlaryny Başlatdy
Sund’Or firmasy 16 ýyl soň Türkiýe uçuşlaryna Tel-Awiw-Stambul sapary bilen ýaňadandan başlady.

TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy
Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar