Russiýadan Polşa geçen aý 500 müň tonna nebit eksport edildi

Russiýanyň nebit kärhanasy Transneft, Polşa ýanwar aýynda 500 müň tonna rus nebitini eksport edendiklerini habar berdi

1940598
Russiýadan Polşa geçen aý 500 müň tonna nebit eksport edildi

Transneft kärhanasynyň Russiýanyň TASS habarlar agentligine beren beýanatynda, Gazagystandan 20 müň tonna nebitiň fewral aýynda Germaniýa eksport edilmegi üçin gerek bolan deslapky işleriň tamamlanandygy habar berildi. 

Eksportyň Družba nebit geçiriji liniýasynyň üsti bilen amala aşyryljakdygy bellenen beýanatda, tapgyryň mundan beýläk Gazagystan tarapynyň inisiatiwasyndadygy beýan edildi. 

Beýanatda Polşanyň bolsa rus nebitini almaga dowam edýändigi bellenip, ýanwar aýynda şol ýurda 500 müň tonna rus nebitiniň ekpsort edilendigi aýan edildi. 

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Ukraina söweşi sebäpli rus nebitini satyn almagyny azaldýar, rus energiýa pudagyna garşy hem biri-birinden tapawutly sanksiýalar girizýärler. 

Družba nebit liniýasy bolsa sanksiýa sanawyna goşulmandy. 



Degişli Habarlar