Geçen Ýyl 2 Million Dollardan Gowrak Bal Eksport Edildi
Geçen ýyl Gündogar Garadeňiz sebitinden 2 million 65 müň dollarlyk bal eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz Eksportçular bileleşiginiň Dolandyrycylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan sebitden geçen 15 ýurda 852 tonna balyň eksport edilendigini aýtdy.
Şol önümiň eksportdan 2 million 65 müň dollar girdeci alynandygyny aýdan Gürdogan, ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy bal import eden ýurtlaryn hatarynda durýandygyny mälim etdi.
Balyň sebit üçin esasy eksport önümlerinden biridigini aýdan Gürdogan; “Bal eksportumyz Kowid-19 pandeiýasynda-da artdy. Öňki ýylam, geçen ýylam gowy görkeziciler bilen ýapdyk. Şu ýyl eksportumyzy hasam artdyrarys diýip tama edýäris” diýdi.
Degişli Habarlar

LNG Gämileri Türkiýä Geldi
ABŞ-dan we Alžirden ýola çykan suwuklandyrlan tebigi gaz daşaýan gämiler Türkiýä geldi.