Kuweýt Türkiýeden Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagyny Alar
Kuweýt, Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň satyn alynmagy üçin Baýkar firmasy bilen şertnama baglaşan 28-nji ýurt boldy.
1934787

Baýkar bilen Kuweýdiň Goranmak ministrligi Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň satyn alynmagy üçin şertnama baglaşdy.
Baýkar tarapyndan berlen beýannama görä, firma 2023-nji ýyla Kuweýdiň Goranmak ministrligi bilen baglaşylan 370 million dollarlyk eksport şertnamasy bilen başlady.
Baýkar bilen Kuweýdiň Goranmak ministrliginiň arasyndaky etap 2019-njy ýylda başlady.
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy 2019-njy ýylyň iýul aýynda Kuweýtde geçiren synag uçuşynda uly üstünlik gazanypdy.
Kuweýt, Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň satyn alynmagy üçin Baýkar firmasy bilen şertnama baglaşan 28-nji ýurt boldy.