Türkiyede daşary ýurtly raýatlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany artdy

Türkiyede 2022-nji ýylda daşary ýurtly raýatlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň mukdary 2021-nji ýyla garanyňda 15,2 göterim artdy

1933923
Türkiyede daşary ýurtly raýatlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany artdy

Türkiyede geçen ýyl daşary ýurtly raýatlara 67 müň 490 ýaşaýyş jaý satyldy. 

Daşary ýurtlylaryň satyn alan ýaşaýyş jaýlaryň sany 2022-nji ýylda 2021-nji ýyla garanyňda 15,2 göterim ýokarlady. 

Geçen ýyl daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlar jemi satylan ýaşaýyş jaýlaryň 4,5 göterimine barabar boldy. 2022-nji ýylda daşary ýurtly raýatlara Stambulda 24 müň 953 jaý satylan bolsa, Antalýada 21 müň 860 ýaşaýyş jaý, Mersinde bolsa 4 müň 316 ýaşaýyş jaý satyldy. 

Russiýanyň raýatlary geçen ýyl Türkiyeden 16 müň 312 ýaşaýyş jaý satyn alan bolsalar, Eýranyň raýatlary 8 müň 223 ýaşaýyş jaý, Yragyň raýatlary 6 müň 241 ýaşaýyş jaý satyn aldylar. 



Degişli Habarlar