Noýabr Aýynda Türkiýäniň Eksporty 1,9 Göterim Artdy
Mehmet Muş, noýabr aýynda eksportuň 1,9 göterim artyp 21,9 milliard dollara barabar bolandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň eksporty noýabr aýynda geçen ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,9 göterim artyp 21,9 milliard dollara barabar boldy.
Söwda ministri Mehmet Muş Adanada Türkiýäniň noýabr aýyndaky eksport görkezijileri hakynda maglumat berdi.
Mehmet Muş, noýabr aýynda eksportuň 1,9 göterim artyp 21,9 milliard dollara barabar bolandygyny mälim etdi.
Ministr Muş noýabr aýynda Germaniýa, ABŞ-na we Yraga edilen eksportuň artandygyny ünsi çekdi.
Noýabr aýynda Filippine edilen eksport 10, Saud Arabystanyna edilen eksport bolsa 9 göterim artdy.
Söwda ministri Muş, Türkiýäniň ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürdäki eksportunyň 14 göterim artyp 231 milliard dollara barabar bolandygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar

Türkiýeden Russiýa Sitrus Önümleriniň Eksporty Yzgiderli Artýar
Soňky 5 ýylda Russiýa 1,8 milliard dollarlyk eksport edildi.

Geçen Ýyl 2 Million Dollardan Gowrak Bal Eksport Edildi
Geçen ýyl Gündogar Garadeňiz sebitinden 2 million 65 müň dollarlyk bal eksport edildi.