Türkiyäniň ykdysadyýeti ýylyň 3-nji çärýeginde 3,9 göterim ösüş etdi
Şoňa laýyklykda Jemi içerki önüm 2022-nji ýylyň 3-nji çärýeginde 2021-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 3,9 göterim ösüş etdi

Türkiyäniň Statistika gullugy, şu ýylyň 3-nji çärýegi (Iýul-sentýabr aýlary aralygy) bilen baglanşykly jemi içerki önümiň netijelerini aýan etdi.
Şoňa laýyklykda Jemi içerki önüm 2022-nji ýylyň 3-nji çärýeginde 2021-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 3,9 göterim ösüş etdi.
2022-nji ýylyň 3-nji çärýeginde 2021-nji ýyla garanyňda maliýe we ätiýaçlandyryş 21,6 göterim, maglumat we aragatnaşyk işleri 13,9 göterim, dolandyryş we goldaw hyzmatlary 12,6 göterim, döwlet dolanşygy, bilim, adam saglygy we sosial hyzmatlar 7,6 göterim, hyzmatlar pudagy 6,9 göterim, beýleki hyzmatlar 4,9 göterim, gozgalmaýan emläk işleri 4,1 göterim, oba hojalyk, tokaýçylyk we balykçylyk 1,1 göterim we senagat pudagy 0,3 göterim ösüş etdi.
Degişli Habarlar

Türkiýeden Russiýa Sitrus Önümleriniň Eksporty Yzgiderli Artýar
Soňky 5 ýylda Russiýa 1,8 milliard dollarlyk eksport edildi.

Geçen Ýyl 2 Million Dollardan Gowrak Bal Eksport Edildi
Geçen ýyl Gündogar Garadeňiz sebitinden 2 million 65 müň dollarlyk bal eksport edildi.