Türkiyäniň oktýabr aýyndaky eksporty geçen ýylyň görkezijilerine garanyňda artdy
Türkiyäniň oktýabr aýyndaky eksporty 21 milliard 328 million dollara ýetdi
1912290

Türkiyäniň Statistika guramasy we Söwda ministrliginiň hyzmatdaşlyk etmeginde taýarlanan oktýabr aýynyň eksporty bilen baglanşykly daşary söwda görkezijileri aýan edildi.
Şoňa laýyklykda Umumy söwda ulgamynyň çäginde oktýabr aýynda eksport geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 3 göterim artyp, 21 milliard 328 million dollara ýetdi.
Eksport ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda bolsa geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 15,4 göterim artyp, 209 milliard 394 million dollara ýetdi.
Degişli Habarlar

Rus Bankçylyk Pudagy 203 Milliard Rubl Girdeji Gazandy
Rus bankçylyk pudagy 2021-nji ýylda 2,4 trillion rubl girdeji gazanypdy.