Türkiýäniň Ykdysadyýetiniň 5,3 Göterim Ösmegine Garaşylýar
Ykdysady hyzmatdaşlyk we galkynyş guramasy (OECD) Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ýylyň ahyryna çenli 5,3, geljek ýyl bolsa 3 göterim ösüş etmegine garaşylýandygyny beýan etdi.
1909601
OECD-niň 3-nji Çärýek boýunça global panorama habarnamasynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2024-nji ýylda bolsa 3,4 göterim ösmegine garaşylýandygy beýan edilýär.
Habarnamada Türkiýäniň ykdysadyýeti hakynda; “Maliýe syýasaty, energiýa sarp edijilerine goldaw çareleri we döwletiň ägirt uly sosial ýaşaýyş jaý taslamalary bilen goldaýjylygyny dowam etdirer” diýilýär.
OECD-dä girýän ýurtlaryn ýylyň ahyrynda 2,8, 2023-nji ýylda bolsa 0,8 we 2024-nji ýylda 1,4 göterim ösüş etjekdigi çaklanylýar.
Degişli Habarlar
Haly Eksportundan 2 Milliard 867 Million 477 Müň Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Haly eksportynda ABŞ, Saud Arabystany we Yrak esasy orun eýeledi.
Türkiyäniň dünýä maliýe bazarlaryndaky orny barha güýçlenýär
Maliýe pudagynyň merkezi "Stambul Maliýe Merkezi" täze hyzmatdaşlyk bilen hasam ösýär