Saud Arabystany Türkiýe Bilen Maýa Goýumlaryň Höweslendirilmegini Isleýär

Saud Arabystany bilen Türkiýäniň arasyndaky maýa goýumlaryň höweslendirilmegi üçin gepleşikler geçirilýär

1903946
Saud Arabystany Türkiýe Bilen Maýa Goýumlaryň Höweslendirilmegini Isleýär

Saud Arabystany, Türkiýe bilen maýa goýumlaryň höweslendirilmegi üçin gepleşik geçirýändiklerini mälim etdi.

Saud Arabystanynyň resmi SPA habarlar gullugynda berlen habarda, Türkiýe bilen maýa goýumlaryň höweslendirilmegi meselesiniň Ministrler kabinetiniň mejlisinde gün tertibine getirlendigi nygtaldy.

Habarda, Saud Arabystany bilen Türkiýäniň arasyndaky maýa goýumlaryň höweslendirilmegi üçin gepleşikleriň geçirilýändigi we ylalaşyk teswirnamasynyň tekstiniň taýarlanýandygy bellenildi.

Habarda gepleşikleriň mazmuny hakynda maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar