Türkiyäniň Söwda ministri oktýabr aýynyň eksporty barada beýanat berdi

Türkiyäniň oktýabr aýyndaky eksporty geçen ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 3 göterimlik artyş bilen 21,3 milliard dollara ýetdi

1901161
Türkiyäniň Söwda ministri oktýabr aýynyň eksporty barada beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, Stambulda Türkiyäniň Eksportçylar mejlisinde 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň daşary söwda görkezijileri barada beýannama berdi. 

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş: "Türkiyäniň oktýabr aýyndaky eksporty geçen ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 3 göterimlik artyş bilen 21,3 milliard dollara ýetdi" diýip habar berdi. 

Mehmet Muş: "Ykdysadyýetimizdäki güýçli ösüş 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi we energetika krizisi ýaly meselelere garamazdan 2022-nji ýylda hem dowam edip, şu ýylyň ilkinji ýarymynda ortaça 7,5 göterimlik ösüş hasaba alyndy. Ösüşiň takmynan ýarsynyň eksport sebäpli bolmagy we şeýlelik bilen eksportyň ösüşiň öňbaşçysy bolmaga dowam etmegi, bizi has hem buýsandyrýar. Ähli oňaýsyz hadysalara garamazdan 2021-nji ýylda 57 göterimlik artyş bilen 55,6 milliard dollar bolan hyzmat eksportymyz, şu ýylyň ilkinji 8 aýynda 66 göterimlik artyş bilen 52,5 milliard dollar boldy" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar